| Ashgabat | 24°C
Dünýaden 29.09.2026, 20:32 1

The New York Times XXI asyryň iň gowy seriallaryny saýlady

The New York Times XXI asyryň iň gowy seriallaryny saýlady

The New York Times XXI asyryň iň gowy 100 serialynyň sanawyny çap etdi.

Sanawy taýýarlamaga aktýorlar, ssenariçiler, serial döredijiler, prodýuserler we telewideniýe pudagynyň beýleki hünärmenlerinden ybarat jemi 500-den gowrak adam gatnaşdy. Olaryň her birine on serialyň adyny aýtmaga rugsat edildi.

Saýlawçylaryň arasynda ýazyjy Stiwen King, «Simpsons» multserialynyň döredijisi Met Greýning, YouTube kompaniýasynyň baş direktory Nil Mohan hem-de meşhur seriallarda surata düşen aktýorlar bar.

Sanawa diňe 2000-nji ýylyň 1-nji ýanwaryndan soň ilkinji gezek görkezilen seriallar girizildi. Şol sebäpli «Sopranolar klany» serialy sanawa girmedi.

Sanawy taýýarlanlaryň bellemegine görä, bu serial soňky çärýek asyrda döredilen iň gowy seriallaryň tas hemmesine diýen ýaly uly täsir edipdir.

Paýlaşmak:
Teswirler (0)

Heniz teswir ýok. Birinji boluň!