Ünsi gowulandyrýan burun damjalary döredildi
Moskwaly 11-nji synp mekdep okuwçysy Denis Kaçanow fonturasetamyň esasynda synag burun damjasyny döretdi.
Fonturasetam nootrop täsirli derman bolup, ol şonuň ýaly-da ýady, ünsi we beýleki aň-bilim ukyplaryny gowulandyrmak üçin peýdalanylýar. Adatça, fonturasetam içilýär.
Emma okuwçy dermany burun arkaly kabul etmegiň mümkinçiligini öwrenmek kararyna geldi. Dermanyň suwda örän kyn ereýänligi esasy çözülmeli meseleleriň biri boldy.
Denis goşmaça maddalary saýlap, çökündisiz, dury we birmeňzeş ergin taýýarlamagy başardy.
Indiki ädim Russiýa Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň K. M. Lakin adyndaky Farmasewtika ylym-bilim institutynda geçirilen barlag boldy. Okuwçy dermany burun arkaly we adaty usulda, ýagny içilende alynýan netijeleri deňeşdirdi.
Paýlaşmak:
Heniz teswir ýok. Birinji boluň!