| Ashgabat | 29°C
Tehnologiýalar 10.09.2026, 15:15 3

Suw astynda işläp bilýän hereketlendiriji ýasaldy

Suw astynda işläp bilýän hereketlendiriji ýasaldy

Renault bilen Geely suw astynda işläp bilýän hereketlendiriji ýasadylar.Bu hereketlendiriji suwa doly çümdürilende hem işlemegini dowam edýär.

Kompaniýanyň maglumatyna görä, hereketlendiriji 1,1 metre çenli çuňlukda hem işläp bilýär we onuň peýdaly hereketiniň ýylylyk koeffisiýenti 48,4%-e ýetýär.

Hereketlendirijiniň esasy aýratynlygy — IPX8 suw geçirmezlik standartyna laýyk gelmegi. Düzüjiler hereketlendirijini jebisläp, ulagyň bölek şaýlaryny we datçiklerini hem şu standartyň talaplaryna laýyk getirdiler.

Horse B20 modeline 2,0 litrlik, dört silindrli turbo hereketlendiriji oturdyldy. Modifikasiýasyna baglylykda, ol 190-dan 252 at güýjüne çenli kuwwat we 300-den 380 Nm-e çenli aýlanma tizligine eýedir. B20 suwa çümdürilende, datçikleriň görkezijilerine baglylykda elektronikasy drossel gapagynyň açylyşyna berilýän jogaby awtomatik üýtgedýär ýa-da hereketlendirijiniň kuwwatyny çäklendirýär. Bu bolsa hereketlendirijiniň çuň suw päsgelçiliginden geçýän mahalynda hem işlemegini dowam etdirmäge mümkinçilik berýär.

Paýlaşmak:
Teswirler (0)

Heniz teswir ýok. Birinji boluň!