Türkmenistanyň Prezidenti bilen Ermenistan Respublikasynyň Premýer-ministriniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy
Türkmenistanyň Prezidenti bilen Ermenistan Respublikasynyň Premýer-ministri Nikol Paşinýanyň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik geçirildi. Söhbetdeşler mähirli salamlaşyp, döwletara gatnaşyklaryň ileri tutulýan ugurlaryny ara alyp maslahatlaşmaga dörän mümkinçilige kanagatlanma bildirdiler.
Premýer-ministr Nikol Paşinýan Ermenistanda Türkmenistanyň gazanýan ösüşlerine ýokary baha berilýändigini, dostluga we deňhukuklylyga esaslanýan hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de ösdürilmegine möhüm ähmiýet berilýändigini belledi hem-de pursatdan peýdalanyp, türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadaga mähirli salamyny we iň gowy arzuwlaryny beýan etdi.
Türkmenistanyň Prezidenti hoşniýetli sözler üçin minnetdarlyk bildirip, Türkmenistan bilen Ermenistan Respublikasynyň arasyndaky ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň özara ynanyşmak, hormat goýmak, açyklyk ýörelgelerine daýanýandygyny aýtdy.
Dostlukly ýurduň Hökümetiniň Başlygy Türkmenistanyň ählumumy ekologiýa abadançylygyny üpjün etmäge gönükdirilen halkara başlangyçlarynyň möhüm ähmiýetini belledi hem-de Türkmenistanyň Prezidentini şu ýylyň oktýabr aýynda Ýerewan şäherinde BMG-niň Bioköpdürlülik baradaky Konwensiýasyna gatnaşyjy taraplaryň 17-nji maslahatynyň (COP 17) öňýanynda geçiriljek Liderleriň sammitine gatnaşmaga çagyrdy.
Türkmenistanyň Prezidenti çakylyk üçin minnetdarlyk bildirip, bu çäräniň daşky gurşawy goramak işinde möhüm waka boljakdygyny belledi hem-de Türkmenistanyň oňa işjeň gatnaşjakdygyny tassyklady.
Telefon arkaly söhbetdeşligiň dowamynda türkmen-ermeni gatnaşyklarynyň gün tertibiniň meseleleri boýunça hem pikir alşyldy. Şunda dürli ugurlarda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ilerletmegiň möhümdigi bellenildi.
Söhbetdeşligiň ahyrynda Türkmenistanyň Prezidenti hem-de Premýer-ministr Nikol Paşinýan Türkmenistan bilen Ermenistan Respublikasynyň arasyndaky gatnaşyklaryň iki halkyň bähbidine mundan beýläk-de yzygiderli ösdüriljekdigine ynam bildirip, birek-birege berk jan saglyk, rowaçlyk we jogapkärli döwlet işlerinde uly üstünlikleri, iki ýurduň dostlukly halklaryna bolsa abadançylyk arzuw etdiler.
Telefon arkaly söhbetdeşlik ermeni tarapynyň başlangyjy bilen geçirildi.
Heniz teswir ýok. Birinji boluň!