Özbegistanyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli kabul edişlik boldy
«Daşkent» seýilgähinde diplomatik wekilhanalaryň wekilleriniň, hökümet agzalarynyň we şäheriň ýaşaýjylarynyň gatnaşmagynda dabaraly kabul edişlik we medeni maksatnama geçirildi.
Baýramçylyk maksatnamasynyň çäklerinde milli lybaslaryň nusgalarynyň, haly önümleriniň, nagyşly keramiki gap-gaçlaryň, şeýle hem häzirki zaman Özbegistan baradaky neşirleriň sergisi guraldy.
Baýramçylyk agşamy resmi bolmadyk ýagdaýda, myhmanlara däp bolan özbek palawynyň hödür-kerem edilmegi we sungat ussatlarynyň gatnaşmagyndaky ajaýyp konsert maksatnamasy bilen dowam etdi.
Paýlaşmak:
Heniz teswir ýok. Birinji boluň!