| Ashgabat | 33°C
Jemgyýet 05.09.2026, 14:56 4

Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisi geçirildi

Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisi geçirildi

4-nji sentýabrda Türkmenistanyň Prezidenti, Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Serdar Berdimuhamedow Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynda şu ýylyň sekiz aýynda alnyp barlan işleriň netijelerine garaldy.

Şeýle hem mejlisiň gün tertibine Garaşsyz döwletimizde howpsuzlygy we asudalygy üpjün etmek, harby we hukuk goraýjy edaralaryň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak, olaryň işini mundan beýläk-de kämilleşdirmek bilen baglanyşykly birnäçe meseleler girizildi.

Türkmenistanyň Prezidenti mejlisiň dowamynda “Prokurorlary wezipä bellemek we wezipeden boşatmak hakynda” Karara gol çekdi.

Paýlaşmak:
Teswirler (0)

Heniz teswir ýok. Birinji boluň!