YHG-nyň daşary işler ministrleriniň her ýylky utgaşdyryjy duşuşygy geçirildi
24-nji sentýabrda Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasyna agza döwletleriň daşary işler ministrleriniň her ýylky utgaşdyryjy duşuşygy geçirilip, onda Türkmenistanyň Birleşen Milletler Guramasynyň ýanyndaky Hemişelik wekili Wepa Hajiýew çykyş etdi.
Türkmenistan yslam dünýäsinde hyzmatdaşlyga we jebislige uly ähmiýet berýändigini tassyklap, palestinaly halka berilýän goldawy hem-de YHG-nyň doganlyk ýurtlaryna ynsanperwer kömeginiň dowam etdirilýändigini aýratyn belledi.
Şeýle hem çykyşda BMG-niň Baş Assambleýasynyň 2028-nji ýyly Halkara hukugynyň ýyly diýip yglan etmek baradaky Kararnamasyna berlen goldaw üçin YHG-nyň agza döwletlerine hoşallyk bildirildi.
Şunuň bilen baglylykda, bu başlangyjyň BMG-niň Tertipnamasyny, döwletleriň özygtyýarly deňligini, jedelleriň parahatçylykly ýol bilen çözülmegini we köptaraplaýyn hyzmatdaşlygy berkitmekdäki ähmiýeti nygtaldy.
Heniz teswir ýok. Birinji boluň!