| Ashgabat | 26°C
Sport 30.09.2026, 14:37 4

Şahzadbek Mätýakubow Ýaponiýadaky Aziýa oýunlarynda kümüş medal gazandy

Şahzadbek Mätýakubow Ýaponiýadaky Aziýa oýunlarynda kümüş medal gazandy

22 ýaşly türkmen agyr atletikaçysy Şahzadbek Mätýakubow Ýaponiýanyň Nagoýa şäherinde 19-njy sentýabrdan 4-nji oktýabr aralygynda geçirilýän XX Aziýa oýunlarynda üstünlikli çykyş edip, 110 kg çenli agram derejesinde kümüş medal gazandy.

Ýaryşyň jemleýji bäsleşigi 29-njy sentýabrda «Nagoya City Trade and Industry Center» toplumynda geçirildi.

Şahzadbek silterläp götermekde 188 kg agramly ştangany galdyrdy, itekläp götermekde bolsa 222 kg agramy almagy başardy. Şeýlelikde, ol jemi 410 kg netijäni görkezip, erkekleriň arasynda Aziadanyň kümüş baýragynyň eýesi boldy.

Türgeni milli ýygyndynyň baş tälimçisi Meretguly Sähetmyradow taýýarlady.

Paýlaşmak:
Teswirler (0)

Heniz teswir ýok. Birinji boluň!