Özbegistanyň ýygyndysy Bütindünýä küşt olimpiadasynda ikinji gezek ýeňiji boldy
Özbegistanyň küşt boýunça ýygyndysy Samarkantda geçirilen 46-njy Bütindünýä küşt olimpiadasynda 19 utuk toplap, altyn medallara eýe boldy. Bu Özbegistanyň milli ýygyndysynyň Olimpiadadaky ikinji ýeňşidir.
Ilkinji gezek olar 2022-nji ýylda Hindistanyň Çennai şäherinde geçirilen ýaryşda ýeňiş gazanypdylar.
Özbegistanly küştçüler ýaryşy yzly-yzyna ýedi ýeňiş bilen başlady. Şolaryň arasynda esasy bäsdeşleriniň biri bolan Hindistanyň ýygyndysyny 2,5:1,5 hasabynda, Hytaýyň ýygyndysyny bolsa 3:1 hasabynda ýeňdi.
Sekizinji tapgyrda ýer eýeleriniň garaşylmadyk ýagdaýda Germaniýanyň ýygyndysyndan ýeňilmekleri, birinjilik ugrundaky göreşiň has-da çekeleşikli geçmegine sebäp boldy.
Paýlaşmak:
Heniz teswir ýok. Birinji boluň!