Koreýa Respublikasy stipendiýaly maksatnama gatnaşmaga çagyrýar
Koreýa Respublikasynyň Aşgabatdaky ilçihanasy Koreýa Respublikasynyň Bilim ministrliginiň ýanyndaky Milli halkara bilim instituty tarapyndan 2027-nji ýyl üçin daşary ýurtly dalaşgärleri bakalawr derejesinde bilim almak boýunça döwlet stipendiýa maksatnamasyna kabul edýär.
Maksatnama koreý dilini öwrenmek üçin 1 ýyly, esasy okuw maksatnamasy üçin 4–6 ýyly göz öňünde tutýar.
25 ýaşdan kiçi Türkmenistanyň raýatlygy bolan dalaşgärler, resminamalary Koreýanyň wagty bilen 15-nji sentýabrynda sagat 11:00-dan 30-njy sentýabryna sagat 18:00-a çenli kabul ediler.
Giňişleýin maglumatlar bilen ilçihananyň resmi saýtynda tanşyp bilersiňiz.
Paýlaşmak:
Heniz teswir ýok. Birinji boluň!