| Ashgabat | 28°C
Syýasat 10.09.2026, 13:22 4

Türkmenistanyň Prezidenti Fransiýanyň ilçisini kabul etdi

Türkmenistanyň Prezidenti Fransiýanyň ilçisini kabul etdi

9-njy sentýabrda Türkmenistanyň Prezidenti Fransiýa Respublikasynyň Türkmenistanda täze bellenilen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi hanym Alena Grandy kabul etdi. Ol döwlet Baştutanymyza ynanç hatyny gowşurdy.

Duşuşygyň dowamynda nygtalyşy ýaly, Fransiýa Respublikasy Türkmenistanyň Ýewropadaky esasy hyzmatdaşlarynyň biri bolup durýar. Ýurdumyz söwda-ykdysady, energetika, medeni-ynsanperwer ulgamlarda hyzmatdaşlygy ösdürmäge uly ähmiýet berýär.

Söhbetdeşler Türkmenistanyň hem-de Fransiýanyň diňe bir ikitaraplaýyn görnüşde däl, eýsem, halkara düzümleriň çäklerinde-de üstünlikli hyzmatdaşlyk edýändiklerini kanagatlanma bilen bellediler. Birleşen Milletler Guramasy, Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasy ýaly abraýly halkara guramalaryň çäklerindäki özara gatnaşyklar munuň aýdyň mysalydyr.

Fransiýa Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Alena Grand Bitarap Türkmenistanda diplomatik wezipäni ýerine ýetirmegiň özi üçin uly hormatdygyny aýdyp, iki ýurduň halklarynyň bähbidine döwletara hyzmatdaşlygy täze derejä çykarmak üçin ähli tagallalary etjekdigine ynandyrdy.

Paýlaşmak:
Teswirler (0)

Heniz teswir ýok. Birinji boluň!