| Ashgabat | 28°C
Syýasat 10.09.2026, 13:25 5

Türkmenistanyň Prezidenti Ýewropa Bileleşiginiň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisini kabul etdi

Türkmenistanyň Prezidenti Ýewropa Bileleşiginiň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisini kabul etdi

9-njy sentýabrda Türkmenistanyň Prezidenti Ýewropa Bileleşiginiň Türkmenistanda täze bellenilen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Lýuk Pýer Dewini kabul etdi. Ol döwlet Baştutanymyza ynanç hatyny gowşurdy.

Duşuşygyň dowamynda nygtalyşy ýaly, Türkmenistan Ýewropa Bileleşigi bilen gatnaşyklara möhüm ähmiýet berýär. Bu düzüm ýurdumyzyň wajyp halkara hyzmatdaşlarynyň biri bolup, soňky ýyllarda bu gatnaşyklar özara hormat goýmak, ynanyşmak, umumy bähbitlere esaslanýan köpugurly hyzmatdaşlyk ruhunda ösdürilýär.

Türkmenistan Ýewropa Bileleşigi bilen syýasy dialogy mundan beýläk-de ösdürmäge, özara gyzyklanma bildirilýän halkara we sebit meseleleri boýunça pikir alyşmalary işjeňleşdirmäge uly ähmiýet berýär. Söwda-ykdysady hyzmatdaşlyk möhüm ugurlaryň biri bolup durýar. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz söwda dolanyşygyny artdyrmak, Ýewropa ýurtlarynyň kompaniýalary bilen işewürlik gatnaşyklaryny giňeltmek, täze maýa goýum taslamalaryny durmuşa geçirmek üçin uly mümkinçilikleriň bardygyna ünsi çekdi.

Şeýle-de ýurdumyz energetika, ulag-logistika, senagat, oba hojalygy, sanly tehnologiýalar, daşky gurşawy goramak ýaly ugurlarda hyzmatdaşlyga aýratyn ähmiýet berýär.

Söhbetdeşler ulag-aragatnaşyk ulgamynda Türkmenistan bilen Ýewropa Bileleşiginiň arasyndaky hyzmatdaşlygy giňeltmegiň zerurdygyny aýdyp, Hazar deňziniň üsti bilen Ýewropa bazarlaryna çykýan ugurlary we Hazarüsti ulag geçelgesiniň mümkinçiliklerini ösdürmegiň umumy bähbitlere laýyk gelýändigini bellediler. Şunuň bilen birlikde, energetika ulgamynda, şol sanda gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmelerini ösdürmek, «ýaşyl» ykdysadyýete geçmek boýunça hyzmatdaşlygy giňeltmek üçin uly mümkinçilikleriň bardygy aýdyldy.

Medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlyk hem möhüm ugur bolup durýar. Şunuň bilen baglylykda, bilim, ylym, medeniýet ulgamyndaky hyzmatdaşlygyň özara düşünişmegi berkitmäge hyzmat edýändigi nygtaldy.

Paýlaşmak:
Teswirler (0)

Heniz teswir ýok. Birinji boluň!