Azerbaýjanyň Prezidenti Türkmenistanyň Prezidentine Gutlag hatyny ýollady
Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti Ilham Aliýew Türkmenistanyň Prezidentine doglan güni mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny we iň gowy arzuwlaryny ýollady.
Ol Azerbaýjanyň we Türkmenistanyň arasyndaky yzygiderli pugtalandyrylýan doganlyk gatnaşyklaryň we netijeli hyzmatdaşlygyň häzirki ýokary derejesiniň iki halkyň hoşniýetli goňşuçylygynyň, taryhy baglanyşygynyň, umumy medeni-ruhy gymmatlyklarynyň we özara hormatynyň aýdyň güwäsidigini belleýär.
Ilham Aliýew türkmen kärdeşine berk jan saglyk, bagtyýarlyk, doganlyk Türkmenistanyň halkynyň abadançylygynyň bähbidine alyp barýan jogapkärli döwlet işinde üstünlikleri arzuw edýär.
Paýlaşmak:
Heniz teswir ýok. Birinji boluň!