| Ashgabat | 29°C
Syýasat 06.09.2026, 18:20 2

Türkmenistanyň Prezidentini Ermenistanyň Premýer-ministri COP17 sammitine çagyrdy

Türkmenistanyň Prezidentini Ermenistanyň Premýer-ministri COP17 sammitine çagyrdy

Ermenistanyň Premýer-ministri Nikol Paşinýan Türkmenistanyň Prezidenti bilen geçiren telefon arkaly söhbetdeşliginiň dowamynda ony şu ýylyň oktýabr aýynda Ýerewan şäherinde BMG-niň Bioköpdürlülik baradaky Konwensiýasyna gatnaşyjy taraplaryň 17-nji maslahatynyň (COP 17) öň ýanynda geçiriljek Liderleriň sammitine gatnaşmaga çagyrdy.

Premýer-ministr Türkmenistanyň ählumumy ekologiýa abadançylygyny üpjün etmäge gönükdirilen halkara başlangyçlarynyň möhüm ähmiýetini hem nygtady. Türkmenistanyň Prezidenti çakylyk üçin minnetdarlyk bildirip, bu çäräniň daşky gurşawy goramak işinde möhüm waka boljakdygyny belledi we Türkmenistanyň oňa işjeň gatnaşjakdygyny tassyklady.

Paýlaşmak:
Teswirler (0)

Heniz teswir ýok. Birinji boluň!