Türkmenistanyň Mejlisiniň wekilleri Özbegistanda geçirilen syýasy partiýalaryň dialogyna gatnaşdylar
Türkmenistanyň Mejlisiniň wekilleri Özbegistan Respublikasynyň Samarkant şäherinde geçirilen «Merkezi Aziýa-Hytaý» syýasy partiýalaryň dialogyna gatnaşdylar. Dialogyň esasy maksady döwlet Baştutanlary derejesinde gazanylan sebitara ylalaşyklary kanunçylyk we syýasy-jemgyýetçilik derejesinde berkitmekden hem-de «Merkezi Aziýa — Hytaý» görnüşdäki strategik hyzmatdaşlygy pugtalandyrmakdan ybarat boldy.
Türkmenistanyň Mejlisiniň wekili öz çykyşynda ýurduň Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan üç gezek ykrar edilen hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýyna daýanýan daşary syýasatynyň sebit döwletleri we Hytaý Halk Respublikasy bilen özara hormat goýmak, ynanyşmak we deňhukuklylyk ýörelgeleriniň esasynda yzygiderli ösdürilýändigini we täze many-mazmun bilen baýlaşdyrylýandygyny nygtady.
Şunuň bilen baglylykda, ýurdumyzyň «Merkezi Aziýa — Hytaý» formatyna sebitiň ýurtlarynyň arasynda ykdysady gatnaşyklary pugtalandyrmak, ulag, ýangyç-energetika arabaglanyşygyny giňeltmek, bilelikdäki başlangyçlary ilerletmek üçin möhüm gural hökmünde garaýandygyny, bu ugurda geçirilýän çäreleriň hem-de duşuşyklaryň halklaryň arasynda dostlukly gatnaşyklary we ynam köprülerini has-da berkitjek möhüm meýdança bolup durýandygyny belledi.
Heniz teswir ýok. Birinji boluň!