| Ashgabat | 32°C
Syýasat 05.09.2026, 17:40 8

Türkmenistanyň wekili Kuala-Lumpurda geçirilen maslahata gatnaşdy

Türkmenistanyň wekili Kuala-Lumpurda geçirilen maslahata gatnaşdy
Фото: https://mejlis.gov.tm/single-news/1740?lang=ru

Türkmenistanyň Mejlisiniň wekili Malaýziýanyň Kuala-Lumpur şäherinde geçirilen «Geljek üçin parlament liderligi: ykdysadyýete we demografik durnuklylyga tutuş jemgyýetiň çemeleşmesi» atly sebitleýin maslahata gatnaşdy.

Maslahatyň esasy maksady parlamentarizmi we açyklygy berkitmek, milli kanunçylyk ulgamynda özara tejribe we öňdebaryjy bilimleri alyşmak, ýaşlaryň syýasy we raýatlyk işjeňligini ýokarlandyrmak, olary döwlet dolandyryşyna hem-de Durnukly ösüş maksatlaryny durmuşa geçirmek boýunça işlere giňden çekmek, halkara hyzmatdaşlygy giňeltmek, sanly tehnologiýalaryň mümkinçiliklerinden peýdalanyp, tiz aragatnaşygy üpjün etmek, demografik durnuklylygy pugtalandyrmak, gender deňligini üpjün etmek, zenanlaryň hukuklaryny we mümkinçiliklerini giňeltmek ýaly ugurlarda parlamentara hyzmatdaşlygy berkitmekden we bilelikdäki çemeleşmeleri ilerletmekden ybarat boldy.

Türkmenistanyň Mejlisiniň wekili maslahatda edilen çykyşda ýurtda alnyp barylýan döwlet syýasatynyň, ilkinji nobatda, adam hukuklarynyň we azatlyklarynyň, ilatyň abadançylygynyň üpjün edilmegine, maşgalalaryň we ýaşlaryň goldanylmagyna, gender deňliginiň üpjün edilmegine, demografik ösüşiň gazanylmagyna gönükdirilýändigini belledi.

Paýlaşmak:
Teswirler (0)

Heniz teswir ýok. Birinji boluň!