Ysmanagyň peýdasy
Ysmanak ýurdumyzda dermanlyk ösümlikleriň arasynda iň köp duş gelýänleriniň biridir. Bu ýaprak görnüşli ter gök ot 10 sany iň peýdaly azyk önümleriniň hataryna girýär.
Bu ot dünýäniň ähli halklarynyň aşhanasynda giňden peýdalanylýar. Ysmanak irki wagtlardan bäri azyk we dermanlyk maksatlary üçin ulanylyp gelinýän ösümlikleriň biridir.
Ysmanagyň dermanlyk häsiýetleri Abu Aly Ibn Sinanyň «Lukmançylyk ylmynyň kanunlary» atly eserinde giňden beýan edilýär. Ol bu ösümligiň şiresini içgeçmäniň garşysyna ulanypdyr.
Derman hökmünde ganazlygyň we witamin ýetmezçiliginiň garşysyna peýdalanylýar.
Ysmanak ýaz paslynyň tebigy nygmatlarynyň biridir. Türkmen topragy şeýle nygmatlara diýseň baýdyr.
Paýlaşmak:
Heniz teswir ýok. Birinji boluň!