| Ashgabat | 30°C
Dünýaden 07.09.2026, 18:48 1

Niderlandlarda geçirilen ahalteke atlarynyň dünýä çempionatynyň netijeleri jemlendi

Niderlandlarda geçirilen ahalteke atlarynyň dünýä çempionatynyň netijeleri jemlendi

Niderlandlar Patyşalygynda ahalteke atlarynyň arasynda geçirilen atly sport we gözellik bäsleşikleriniň dünýä çempionatynda bäsleşigiň netijeleri jemlendi.

“Ahalteke atlarynyň arasynda dünýä çempiony — 2026” atly bäsleşikde Fransiýadan A. Martinesiň Ýyndam atly gara reňkli aty “Absolýut çempion” diýen ada we “Dünýä çempiony” baýragyna mynasyp boldy. Ýeňijä Gahryman Arkadagymyz hormatly Prezidentimiziň adyndan iň häzirki zaman ýeňil awtoulagynyň açary dabaraly ýagdaýda gowşuryldy. Bu barada “Biznes Türkmenistan” internet neşiriniň çärä gatnaşan wekili habar berdi.

A.Martines awtoulagyň açaryny kabul etdi we türkmen halkynyň asylly däbine laýyklykda täze awtoulaga un sepildi hem-de alaja daňyldy.

“Ýaş atlaryň çempiony” atly bäsleşikde Halkara ahalteke atçylyk sport toplumynyň Meledag atly bedewi ýeňiji boldy we 10 müň ýewro pul baýragyna hem-de bäsleşigiň kubogyna mynasyp boldy.

“Ýewropanyň iň gowy bedewi” bäsleşiginde Fransiýadan hususy atşynas A. Beýliniň Agana Şael atly aty ýeňiji boldy we 10 müň ýewro pul baýragyna hem-de kuboga eýe boldy.

“Iň owadan bezelen at” bäsleşiginde Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumynyň Toýly atly mele reňkli bedewi ýeňiji boldy we 5 müň ýewro pul baýragyny hem-de kubogy aldy.

Gözellik bäsleşiklerinde 1 we 2 ýaşar atlaryň arasynda Halkara ahalteke atçylyk sport toplumynyň Jerengözli, 3 ýaşar atlaryň arasynda şol toplumyň Güneş atly bedewleri ýeňiji boldy. 3 we 4 ýaşar bedewleriň arasynda fransiýaly S. Plaýiniň hojalygyna degişli Ming-de-Ahal, 5 we uly ýaşar atlaryň arasynda Ukrainadan B. Mamelekowyň hojalygyna degişli Ýagşyja — Owadan ýeňiji boldy. Ýeňijileriň her birine 3 müň ýewro pul baýragy we bäsleşigiň kubogy gowşuryldy.

Atyň owadan hereketi üçin (dressaž) bäsleşiginde ukrainaly atşynas Liliýanyň Bady-Saba atly aty, konkur bäsleşiginde Türkmenistanyň Milli atly sport merkeziniň türgeni Yhlas Çopanow ýeňiji boldy. Olaryň her birine 3 müň ýewro pul baýragy we kubok gowşuryldy.

Halkara döredijilik bäsleşiginde heýkeltaraşlyk boýunça P. Patdykow, nakgaşçylyk boýunça A. Atahanow, halyçylyk boýunça O. Amanjaýewa, fotosurat boýunça ukrainaly W. Osowskiý, zergärçilik boýunça A. Sähedow ýeňiji diýlip yglan edildi. Ýeňijileriň her birine 1,5 müň ýewro pul baýragy berildi.

Şeýle hem ahalteke atlarynyň dünýä çempionatynyň çäklerinde “Galkynyş” milli at üstündäki oýunlar toparyna “Tomaşaçylaryň söýgüsini gazanan” atly baýrak gowşuryldy.

Paýlaşmak:
Teswirler (0)

Heniz teswir ýok. Birinji boluň!