Tomusdan soň näme üçin saçlar gurap we dökülip başlaýar
Tomus gutarandan soň käbir adamlaryň saçynyň öňküsinden has gury, gödek we döwülmäge meýilli bolýandygyny görmek bolýar. Munuň sebäbi diňe howanyň üýtgemegi däl.
Tomus aýlarynda saç uzak wagtlap gün şöhlesine, deňiz suwuna we howuzdaky hlorly suwa sezewar bolýar. Günüň ultramelewşe şöhleleri saçyň daşky gatlagyna we düzümindäki beloklara zeper ýetirip, onuň guramagyna we döwülmegine sebäp bolup bilýär.
Şeýle-de gün şöhlesi reňklenen saçlaryň reňkiniň has çalt solmagyna täsir edýär.
Tomusdan soň saçyňy dikeltmek üçin ony aşa gyzgyn fen ýa-da ütük bilen köp bezemekden gaça durmak, nemlendiriji kondisioner ulanmak peýdaly bolup biler.
Deňizden ýa-da howuzdan soň bolsa saçyňy arassa suw bilen ýuwmak maslahat berilýär.
Paýlaşmak:
Heniz teswir ýok. Birinji boluň!