| Ashgabat | 26°C
Medeniýet 30.09.2026, 14:45 6

Gözellik bäsleşiginde ýeňiji bolan türkmen alabaýy Toyota Corolla bilen sylaglandy

Gözellik bäsleşiginde ýeňiji bolan türkmen alabaýy Toyota Corolla bilen sylaglandy

Türkmen alabaý itleriniň gözellik bäsleşiginde ýeňiji bolan Arwana atly türkmen alabaýy Toyota Corolla awtoulagy bilen sylaglandy.

Bäsleşik 29-njy sentýabrda Türkmenistanyň Prezidentiniň ahalteke atçylyk toplumynyň açylyş dabarasynyň dowamynda geçirildi. Emin agzalary türkmen halkynyň milli gymmatlyklarynyň biri bolan türkmen alabaýlarynyň gözellik bäsleşigine gatnaşan ýedi sany alabaýyň arasyndan has tapawutlananlaryny seçip aldy.

Şeýle hem toý meýdançasynda türkmen toýlarynyň bezegi bolan milli göreş boýunça pälwanlaryň tutluşyklary geçirildi.

«Baş pälwan» diýen hormatly ada eýe bolmak ugrundaky göreşde Ahal welaýatynyň Bäherden etrabynyň pälwany, häzirki wagtda Arkadag şäherindäki Saçly Dursunowa adyndaky lukmançylyk orta hünär okuw mekdebiniň bedenterbiýe mugallymy Nurmuhammet Baýdogdyýew ýeňiş gazandy.

Paýlaşmak:
Teswirler (0)

Heniz teswir ýok. Birinji boluň!