| Ashgabat | 29°C
Dünýaden 25.09.2026, 19:03 3

Tailandyň bir şäherini güýçli çabga basdy

Tailandyň bir şäherini güýçli çabga basdy

24-nji sentýabra geçilen gije Tailandyň köp syýahatçylary özüne çekýän Pattaýýa şäherinde güýçli tropiki çabga ýagdy.

The Pattaya News we Bangkok Post neşirleriniň ýazmagyna görä, şäheriň merkezi köçelerinde suwuň derejesi käbir ýerlerde azyndan 60 santimetre, kä ýerlerinde bolsa hatda 1 metre çenli ýetdi.

Güýçli suw akymlary köçelerde goýlan motosiklleri alyp gitdi, ýeňil awtoulaglaryň käbiri bolsa ýoluň ugrunda hatardan çykdy. Tebigy hadysa sebäpli köçelerde ulag dyknyşyklary emele geldi.

Ýerli ýaşaýjylar we dynç almaga gelenler emläklerini halas etmek üçin gyssagly çäre görmeli boldular.

Paýlaşmak:
Teswirler (0)

Heniz teswir ýok. Birinji boluň!