NLPA 2026-njy ýylyň ýeňijileri yglan edildi
Natural Landscape Photography Awards (NLPA) bäsleşiginiň guramaçylary ýylda geçirilýän tebigy peýzaž fotosuratlaryna bagyşlanan bäsleşigiň nobatdaky ýeňijilerini yglan etdi.
«Ýylyň fotosuratçysy» diýen ada bu gezek Lukaş Furlan, «Ýylyň fotosuraty» baýragyna bolsa Abraham Saýkli mynasyp boldy.
NLPA bäsleşigi tebigaty mümkin boldugyndan surata alnan pursadyndaky görnüşine golaý düşürmek isleýän fotosuratçylary birleşdirýär. Şonuň üçin bäsleşikde suratlaryň işlenişine berk çäklendirmeler goýulýar.
Munda kadrda bolmadyk täze elementleri goşmak, kompozit usullary ýa-da generatiw emeli aňdan peýdalanmak gadagandyr.
Hatda suratyň belli bir bölegini aýratyn ýagtylandyrmak hem ýasama ýagtylyk täsirini döredýän bolsa, iş bäsleşikden çykarylyp bilner.
Paýlaşmak:
Heniz teswir ýok. Birinji boluň!