Türkmen – özbek gatnaşyklary ara alnyp maslahatlaşyldy
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowanyň Özbegistan Respublikasynyň Türkmenistandaky Ilçisi Rawşanbek Alimow bilen duşuşygy geçirildi.
Onuň dowamynda taraplar syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ulgamlarda türkmen-özbek gatnaşyklarynyň häzirki ýagdaýyny we ony mundan beýläk-de ösdürmegiň geljegini ara alyp maslahatlaşdylar.
Duşuşygyň ahyrynda taraplar Türkmenistan bilen Özbegistan Respublikasynyň arasyndaky hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de berkitmek we ony täze amaly mazmun bilen baýlaşdyrmak maksady bilen bilelikdäki tagallalary etmäge taýýardyklaryny bildirdiler.
Paýlaşmak:
Heniz teswir ýok. Birinji boluň!