| Ashgabat | 30°C
Syýasat 04.09.2026, 14:41 8

Türkmen-niderland gatnaşyklaryny mundan beýläkde ösdürmegiň ugurlaryna üns çekildi

Türkmen-niderland gatnaşyklaryny mundan beýläkde ösdürmegiň ugurlaryna üns çekildi
Фото: https://mfa.gov.tm

Gaaga şäherinde Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredowyň Niderlandlar Patyşalygynyň Daşary işler ministri Tom Berendsen bilen duşuşygy geçirildi.

Duşuşygyň dowamynda taraplar türkmen-niderland gatnaşyklarynyň yzygiderli ösdürilýändigini kanagatlanma bilen belläp, syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ugurlardaky hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de giňeltmäge gyzyklanma bildirdiler.

Bilim we diplomatik işgärleri taýýarlamak ulgamyndaky hyzmatdaşlyga, şol sanda Türkmenistanyň Niderlandlaryň «Klingendal» Halkara gatnaşyklar instituty bilen köpýyllyk hyzmatdaşlygyna aýratyn üns berildi.

Taraplar şeýle hem Niderlandlar Patyşalygynda geçiriljek atçylyk sporty boýunça dünýä çempionatyna hem-de ahalteke bedewleriniň gözellik bäsleşigine taýýarlyk meselelerine ünsi çekdiler.

Duşuşygyň ahyrynda taraplar Türkmenistanyň we Niderlandlar Patyşalygynyň arasyndaky köpugurly gatnaşyklary has-da berkitmek maksady bilen bilelikdäki işleri dowam etdirmäge özara taýýardyklaryny tassykladylar.

Paýlaşmak:
Teswirler (0)

Heniz teswir ýok. Birinji boluň!