Türkmen-ýapon hyzmatdaşlygy ara alnyp maslahatlaşyldy
Türkmenistanyň Daşary işler ministri bilen Ýaponiýanyň Ykdysadyýet, söwda we senagat boýunça döwlet ministri Kendzi Ýamadanyň arasynda duşuşyk geçirildi.
Onuň dowamynda taraplar türkmen-ýapon hyzmatdaşlygynyň häzirki ýagdaýyny we ony ösdürmegiň geljegi uly ugurlaryny, ilkinji nobatda, söwda-ykdysady ulgamdaky hyzmatdaşlygy ara alyp maslahatlaşdylar. Şeýle-de Energetika, senagat, ulag, himiýa pudagy we özara gyzyklanma bildirilýän beýleki ugurlarda hyzmatdaşlygyň geljegi boýunça pikir alşyldy.
Türkmenistanyň we Ýaponiýanyň ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki komitetleriniň ikitaraplaýyn söwda-ykdysady gatnaşyklary ösdürmäge ýardam berýän netijeli mehanizm hökmünde möhüm ornuny nygtadylar.
Paýlaşmak:
Heniz teswir ýok. Birinji boluň!