| Ashgabat | 28°C
Dünýaden 26.09.2026, 16:13 1

Buz eýýamynyň aw yzlary tapyldy

Buz eýýamynyň aw yzlary tapyldy

Çehiýanyň Demirgazyk Bogemiýa sebitinde arheologlar buz eýýamyndan galan 3500-den gowrak haýwan galyndysyny tapdylar. Olaryň arasynda azyndan 20 sany tüýli mamontyň süňkleri bar.

Bu tapyndylar Usti-nad-Labem şäheriniň Bukow etrabynda Adalat köşgüniň gurluşygy wagtynda ýüze çykaryldy.

Takmynan 1000 inedördül metr meýdany tutýan gazuw-agtaryş işleriniň geçirilýän ýerinde tüýli kerkleriň, atlaryň, demirgazyk sugunlarynyň we towşanlaryň galyndylary hem tapyldy.

Şeýle-de arheologlar giçki grawet döwrüne degişli daş gurallaryny ýüze çykardylar. Olaryň arasynda päkiler, kesiji gurallar we pyçaklar bar.

Paýlaşmak:
Teswirler (0)

Heniz teswir ýok. Birinji boluň!