| Ashgabat | 31°C
Dünýaden 24.09.2026, 13:57 4

Aleksandr Makedoniýanyň okan mekdebi tapyldy

Aleksandr Makedoniýanyň okan mekdebi tapyldy

Demirgazyk Gresiýada arheologlar Aleksandr Makedoniýalynyň (Isgender Zülkarneýn) ýaşlygy bilen bagly hasap edilýän gadymy toplumyň harabalygynyň üstünden bardy.

Alymlaryň pikiriçe, hut şu ýerde 2 400 ýyl mundan ozal Aristotel geljekki serkerdä we beýleki atly-abraýly makedoniýalylaryň çagalaryna bilim beripdir.

Toplum gadymy Mieza şäherinde ýerleşýär. Arheologlar bu ýerde iki sany banket zalyny, sport meýdançasyny, stadiony, üsti ýapyk galereýany we daş partalary bolan sapak otaglaryny tapdylar.

Toplumda ýere mozaika düşelipdir, binalar sütünler bilen bezelipdir. Binagärligi we kaşaňlygy boýunça bu toplum Filipp II-niň we onuň ogly Aleksandryň ýaşan Egidäki patyşa köşgüni ýatladýar.

Paýlaşmak:
Teswirler (0)

Heniz teswir ýok. Birinji boluň!