| Ashgabat | 31°C
Bilim 02.09.2026, 15:03 5

Ýurdumyzda täze açylan institutlara halkara güwänamalar gowşuryldy

Ýurdumyzda täze açylan institutlara halkara güwänamalar gowşuryldy

Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň hem-de Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň binalar toplumlarynyň açylyş dabaralarynda bu ýokary okuw jaýlaryna halkara sertifikatlar dabaraly ýagdaýda gowşuryldy.

«Cert International» halkara guramasynyň wekili Marat Habibulin guramasynyň adyndan Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutyna ISO-nyň 5 sany halkara standartyna laýyklyk sertifikatlary, ýagny täze binalar toplumynyň hil dolandyryş ulgamyna degişli ISO 9001:2015 halkara standartyna; daşky gurşawy dolandyrmak ulgamyna degişli ISO 14001:2015 halkara standartyna; zähmet howpsuzlygy we saglygy goramak dolandyryş ulgamyna degişli ISO 45001:2018 halkara standartyna; bilim guramalary üçin dolandyryş ulgamyna degişli ISO 21001:2018 halkara standartyna; maglumat howpsuzlygyny dolandyrmak ulgamyna degişli ISO 27001:2022 halkara standartyna laýyk gelýändigini tassyklaýan halkara sertifikatlary gowşurdy.

Soňra Birleşen Milletler Guramasynyň Ösüş maksatnamasynyň Türkmenistandaky hemişelik wekili Narine Saakýan instituta Energiýa netijeliligi boýunça «Ýaşyl» sertifikatyň; Suw tygşytlaýjy tehnologiýalar boýunça «Ýaşyl» sertifikatyň; Talyp ýaşlary durnukly energetikany ösdürmäge çekmek boýunça «Ýaşyl» sertifikatyň; Suw serişdelerini tygşytlamak we dolandyrmak boýunça sertifikatyň; Energiýa netijeliligi we monitoring boýunça sertifikatyň; şeýle hem Bilim we hünär başarnyklaryny artdyrmak boýunça sertifikatyň gowşurylýandygyny beýan etdi.

«Pearson VUE» kompaniýasynyň «Certiport» bölüminiň dolandyryjy direktory Kenworti Ti Josef ýokary okuw jaýyna «Certiport» tarapyndan ygtyýarlandyrylan halkara synag merkeziniň derejesi berilýändigini aýtdy. Munuň özi instituta halkara «Certiport» güwänamasyna laýyklykda synaglaryny geçirmäge we talyplara hem-de hünärmenlere öz hünär we sanly başarnyklaryny halkara ykrar edilen standartlar boýunça tassyklamaga mümkinçilik döreder.

Şeýle hem Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutyna Innowasion pedagogikany durmuşa ornaşdyrýandygy üçin Russiýa Federasiýasynyň Naberežnyýe Çelny döwlet mugallymçylyk uniwersitetiniň sertifikaty, Türkmenistanda mugallymçylyk hünärmenleri taýýarlamagyň hilini ýokarlandyrmaga hem-de bilim ulgamynda innowasion tehnologiýalary ornaşdyrmaga goşan uly goşandy üçin «Geljege goşant» atly howandarlyk gaznasynyň sertifikaty, Türkmenistanda durmuş ulgamynda bilimi ýokarlandyrmaga we inklýuziw bilimi ösdürmäge goşan aýratyn goşandy hem-de hyzmatdaşlygy üçin Birleşen Milletler Guramasynyň Çagalar gaznasynyň sertifikaty, şeýle hem täze döwrebap binalar toplumynyň döredilip ulanylmaga berlendigi üçin ÝUNESKO-nyň Bilimde maglumat tehnologiýalary institutynyň minnetdarlyk haty; ÝUNESKO-nyň Halkara uniwersitetler Assosiasiýasynyň agzalyk sertifikaty gowşuryldy.

Paýlaşmak:
Teswirler (0)

Heniz teswir ýok. Birinji boluň!