| Ashgabat | 26°C
Syýasat 30.09.2026, 15:19 3

Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyz Tatarystanyň Baştutany bilen duşuşdy

Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyz Tatarystanyň Baştutany bilen duşuşdy

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygy mynasybetli geçirilýän dabaralara gatnaşmak üçin Türkmenistana gelen Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Baştutany Rustam Minnihanow bilen duşuşdy.

Rustam Minnihanow mähirli kabul edilendigi üçin hoşallyk bildirip, Gurbanguly Berdimuhamedowy Türkmenistanyň döwlet Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygy bilen gutlady. Şeýle hem ol Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putiniň we Hökümetiniň Başlygy Mihail Mişustiniň Türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedowa hem-de Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowa mähirli salamyny we gutlaglaryny ýetirdi.

Duşuşykda ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň yzygiderli we netijeli ösdürilýändigi bellenildi. Şeýle hem ýokary derejede geçirilýän duşuşyklaryň we gepleşikleriň hyzmatdaşlygyň geljegi uly ugurlaryny kesgitlemäge mümkinçilik berýändigi nygtaldy.

Duşuşygyň ahyrynda taraplar birek-birege hoşniýetli arzuwlaryny aýtdylar hem-de Türkmenistanyň we Tatarystanyň doganlyk halklaryna abadançylyk, gülläp ösüş we rowaçlyk arzuw etdiler.

Paýlaşmak:
Teswirler (0)

Heniz teswir ýok. Birinji boluň!