Hazar deňziniň durnukly ösüşi boýunça 11-nji Halkara okuw maslahaty öz işine başlady
«Hazar deňzi – durnukly ösüş we dolandyryş» atly 11-nji Halkara okuw maslahaty öz işine başlady. «Arçabil» myhmanhanasynda geçirilýän okuw maslahatynyň açylyş dabarasyna Birleşen Milletler Guramasynyň Türkmenistandaky Hemişelik utgaşdyryjysy Sýaoszýun Greýs Wan, Halkara okean institutynyň ýerine ýetiriji direktory Antonella Wassallo, okuw maslahatynyň direktory doktor Parwin Farşçi, deňiz giňişligini meýilleşdirmek boýunça öňdebaryjy bilermen doktor Andreý Abramiç hem-de Türkmenistanyň Hazar deňzi institutynyň direktory Myrat Atajanow gatnaşdylar.
Çykyşlarda okuw maslahatynyň sebit hyzmatdaşlygyny pugtalandyrmakda, şeýle hem Hazar deňzini durnukly peýdalanmak we gorap saklamak boýunça hünärmenleriň hünär mümkinçiliklerini ösdürmekde möhüm ähmiýeti bellenildi. Halkara okuw maslahaty 18-nji sentýabryna çenli dowam eder.
Heniz teswir ýok. Birinji boluň!