Türkmenistanyň we Bütindünýä Tebigaty Goramak Gaznasynyň arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekildi
Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak ministrligi bilen Bütindünýä Tebigaty Goramak Gaznasynyň (WWF) arasynda wideoaragatnaşyk görnüşinde daşky gurşawy goramak babatda özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekmek dabarasy geçirildi.
Resminama Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak ministri Öwezgeldi Goşjanow we WWF-niň Gündogar, Merkezi Aziýa we Ýuwaş ummany sebitleri boýunça sebit direktory Žan-Pol Paddak tarapyndan gol çekildi.
Ähtnama biodürliligi goramak, tebigy ekoulgamlary we seýrek duş gelýän görnüşleri gorap saklamak, şeýle hem howanyň üýtgemeginiň netijelerine durnuklylygy ýokarlandyrmak babatda uzak möhletleýin hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de pugtalandyrmaga gönükdirilendir.
Resminamanyň çäklerinde 2026–2030-njy ýyllar üçin bilelikdäki taslamalaryň we çäreleriň meýilnamasyny işläp taýýarlamak göz öňünde tutulýar.
Esasy ileri tutulýan ugurlar hökmünde ýabany tebigaty goramak, aýratyn goralýan tebigy ýerleriň ulgamyny kämilleşdirmek, biodürlilige gözegçilik etmek, öň Aziýa gaplaňynyň, gulanlaryň, Buhara sugunynyň, jereniň we Amyderýa pilburnunyň populýasiýalaryny gorap saklamak we dikeltmek, şeýle hem seýrek duş gelýän guş we ösümlik görnüşlerini goramak kesgitlenildi.
Heniz teswir ýok. Birinji boluň!