| Ashgabat | 31°C
Syýasat 03.09.2026, 15:10 9

Türkmenistan bilen Azerbaýjanyň arasynda geňeşmeler geçirildi

Türkmenistan bilen Azerbaýjanyň arasynda geňeşmeler geçirildi
Фото: https://mfa.gov.tm/

Aşgabatda Türkmenistan bilen Azerbaýjanyň daşary syýasat edaralarynyň konsullyk gulluklarynyň ýolbaşçylarynyň derejesinde türkmen-azerbaýjan konsullyk meseleleri boýunça geňeşmeler geçirildi.

Onuň dowamynda taraplar ikitaraplaýyn konsullyk hyzmatdaşlygynyň möhüm meselelerini, iki döwletiň raýatlarynyň hukuklaryny we kanuny bähbitlerini goramak, şeýle hem migrasiýa, hukuk we hukuk goraýjy ugurlardaky özara hyzmatdaşlyk meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar.

Taraplar Türkmenistanyň we Azerbaýjan Respublikasynyň migrasiýa gulluklarynyň arasynda hyzmatdaşlygy we tejribe alyşmagy mundan beýläk-de ösdürmegiň mümkinçiliklerine hem garadylar.

Duşuşygyň netijeleri boýunça taraplar tarapyndan konsullyk geňeşmeleriniň Teswirnamasyna gol çekildi.

Paýlaşmak:
Teswirler (0)

Heniz teswir ýok. Birinji boluň!