Aşgabat — Kazan ugry boýunça uçuşlaryň tertibi üýtgedi
«Türkmenistan» awiakompaniýasy 30-njy sentýabrdan Aşgabat — Kazan hem-de şol ugruň tersine amala aşyrylýan uçuşlaryň sanynyň 7-den 4-e çenli azaldylýandygyny habar berdi.
Aşgabatdan Kazana penşenbe we anna günleri amala aşyrylýan uçuşlar, şeýle-de ýekşenbe gününiň bir uçuşy ýatyrylar.
Kazandan Aşgabada amala aşyryljak penşenbe, anna hem-de duşenbe günleriniň uçuşlary şol seneden soň amala aşyrylmaz.
Bu üýtgeşmeler 24-nji oktýabra çenli dowam eder.
25-nji oktýabrdan giriziljek uçuşlaryň täze tertibinde bu ugurlar boýunça gatnawlaryň sany ýene-de artdyrylar.
Paýlaşmak:
Heniz teswir ýok. Birinji boluň!