| Ashgabat | 28°C
Tehnologiýalar 26.09.2026, 16:20 4

Honda täze äpet krossowerini taýýarlaýar

Honda täze äpet krossowerini taýýarlaýar

Honda «Pilot» modelinden hem üstün boljak, üç hatar kürsüli täze krossoweri çykarmaga taýýarlanýar.

Automotive News neşiriniň berýän habaryna görä, täze modeliň önümçiligine 2032-nji ýylyň birinji çärýeginde başlamak meýilleşdirilýär. Deslapky maglumatlarda täze awtoulagyň «Pilot XXL» adyny aljakdygy aýdylýar.

Onuň uzynlygy, takmynan, 5,29 metre ýeter. Bu häzirki «Pilot» modelinden 203 millimetr uzyn diýmekdir. Şeýlelikde, täze krossower bu ölçeg babatda esasy bäsdeşlerinden hem uly bolar.

Deňeşdirip aýtsak, «Toyota Grand Highlander» 5,12 metr, «Hyundai Palisade» we «Kia Telluride» 5,06 metr, «Jeep Grand Cherokee L» 5,20 metr, «Chevrolet Traverse» 5,19 metr, «GMC Acadia» 5,18 metr, «Ford Explorer» bolsa 5,05 metr uzynlyga eýedir.

Paýlaşmak:
Teswirler (0)

Heniz teswir ýok. Birinji boluň!