Gucci ilkinji gezek «Made in China» bellikli aýakgap çykardy
Italiýanyň lýuks harytlary öndürýän Gucci brendi ilkinji gezek «Made in China» bellikli krossowkalary satuwa çykardy. Köp ýyllaryň dowamynda aýakgaplaryny diňe Italiýada öndüren kompaniýa bu ýörelgesinden ilkinji gezek el çekdi.
Täze modeller Hytaýda öndürilýär we brendiň beýleki köp sanly krossowkalary bilen deňeşdirilende arzan bahadan satylýar.
Kompaniýa Italiýanyň «hemişe Gucci brendiniň we önümçilik modeliniň merkezinde boljakdygyny» nygtady. Şeýle-de kompaniýa önümçiligiň uly möçberde Italiýadan başga ýerlere geçirilmegini meýilleşdirmeýändigini mälim etdi.
Paýlaşmak:
Heniz teswir ýok. Birinji boluň!