Google kompaniýasy ilkinji «Googlebook» noutbuklaryna öňünden sargytlary kabul edip başlady
Bu enjamlar Android tehnologik binýadyna esaslanýan hem-de «ChromeOS» ulgamynyň ösüşlerinden peýdalanylyp döredilen «Googlebook OS» atly täze programma üpjünçiliginde işleýär.
Täze enjamlaryň bahasy 899 dollardan başlanýar. Ilkinji modelleri Acer, Asus, Dell, HP we Lenovo ýaly dünýä belli kompaniýalar öndürýär.
Satuwlar 4-nji oktýabrda ABŞ-da, 5-nji oktýabrda bolsa Kanadada, Beýik Britaniýada, Irlandiýada, Fransiýada, Germaniýada we Awstraliýada başlanar.
Google on ýylyň dowamynda ulgamyň täzelenmelerini hem yzygiderli çykaryp durjakdygyny wada berýär.
Paýlaşmak:
Heniz teswir ýok. Birinji boluň!