Merkezi Aziýanyň Sebitleýin ekologiýa merkeziniň Türkmenistandaky ýolbaşçysy Mergen Kepbanow Gyrgyzystanyň ilçisi bilen duşuşdy
Merkezi Aziýanyň Sebitleýin ekologiýa merkeziniň Türkmenistandaky taslama edarasynyň direktory Mergen Kepbanow Gyrgyzystanyň ilçisi Azizbek Madmarow bilen duşuşyk geçirdi.
Söhbetdeşler daşky gurşawy goramak, howanyň üýtgemegine uýgunlaşmak, durnukly ösüş we ekologiýa bilimi ulgamynda sebitleýin özara hyzmatdaşlygy berkitmek meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar.
Gepleşikleriň dowamynda Mergen Kepbanow merkeziň Türkmenistandaky taslama edarasynyň tebigy serişdeleri dolandyrmak, biodürlüligi gorap saklamak hem-de bilermenleriň, döwlet we halkara guramalarynyň tagallalaryny birleşdirmek boýunça alyp barýan işleri barada gürrüň berdi.
Taraplar Dag sammitiniň çäklerinde Bişkekde geçiriljek we dag ekoulgamlarynyň durnuklylygyna bagyşlanjak Howanyň üýtgemegi boýunça 9-njy Merkezi Aziýa maslahatyna görülýän taýýarlyk işlerine aýratyn üns berdiler.
Heniz teswir ýok. Birinji boluň!