Gahryman Arkadagymyz Arkadag şäherine iş saparyny amala aşyrdy
14-nji sentýabrda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz Arkadag şäherine iş saparyny amala aşyrdy.
Türkmen halkynyň Milli Lideri täze şäheriň gurluşygynyň ikinji tapgyrynyň çäginde alnyp barylýan işler, şeýle hem döwrebaplaşdyrylýan daşary ýurt dillerini çuňlaşdyryp öwretmäge niýetlenilen mekdebiň, çagalar bagynyň, sport toplumynyň gurluşyk hem-de içki bezeg işleriniň şekil taslamalary bilen tanyşdy.
Gahryman Arkadagymyz bu ýerde alnyp barylýan gurluşyk işlerini synlady. Gurluşyk işleri we onda ulanylýan bezeg hem-de gurluşyk serişdeleri berklik, amatlylyk babatda ýokary hil derejesine laýyk gelmelidigini belläp, Gahryman Arkadagymyz gurluşyk işleriniň her bir tapgyrynyň yzygiderli gözegçilikde saklanmalydygyna ünsi çekdi.
Heniz teswir ýok. Birinji boluň!