Gahryman Arkadagymyz Türkmenistanyň Prezidentini Bilimler we talyp ýaşlar güni mynasybetli gutlady
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Gahryman Arkadagymyz Türkmenistanyň Prezidentini Bilimler we talyp ýaşlar güni mynasybetli türkmen halkynyň hem-de Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň adyndan tüýs ýürekden gutlady.
Gahryman Arkadagymyz Gutlagynda: «Siziň «Ýaşlar — Watanyň daýanjy» atly kitabyňyzda belleýşiňiz ýaly, Watanymyzyň ösüşleriniň binýady ylym-bilim bilen baglydyr. Bütin adamzadyň we ähli döwürleriň iň gymmatly baýlygy bilimdir. Şoňa görä, türkmen halky hem öz şöhratly taryhynyň bütin dowamynda ylym-bilime aýratyn sarpa goýup, umumadamzat gymmatlyklaryna mynasyp goşant goşup gelýär.
«Bilim bilen hikmet — altyndan gymmat», «Okaýan il ozar...», «Zehin zehinden zyýada» diýen paýhasly jümleleri döreden pederlerimiziň toplan tejribelerine eýerip, şeýle hem dünýäniň öňdebaryjy gazananlaryna daýanyp, täze taryhy döwürde milli bilim ulgamyny özgertmek ugrundaky maksatnamalar üstünlikli amala aşyrylýar. Bu ugurdaky özara baglanyşykly işler bilim ulgamynyň binýadyny has-da berkitmek bilen, päk ahlakly, hakyky watansöýüji nesilleriň kemala gelmegine oňyn täsirini ýetirýär» diýlip bellenilýär.
Milli bilim ulgamyny dünýäniň ösen döwletleriniň derejesine çykarmaga gönükdirilen özgertmeleriň çäklerinde Aşgabat we Arkadag şäherlerinde, ýurdumyzyň welaýatlarynda häzirki zaman enjamlary bilen üpjün edilen orta we ýokary okuw mekdepleri, çagalar baglary, dynç alyş-sagaldyş merkezleri yzygiderli gurulýar. Bilim işine okatmagyň täzeçil usullary işjeň ornaşdyrylyp, okuw maksatnamalary yzygiderli döwrebaplaşdyrylýar, ulgama sanly innowasion tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagy dowam etdirilýär.
Ýurdmyzyň mekdep okuwçylary, talyplar, ýaş türgenler abraýly halkara bäsleşiklerde, olimpiadalarda, sport ýaryşlarynda uly üstünlikleri gazanyp, Watanymyzyň ýaşyl tuguny belende göterýärler. Şeýle guwandyryjy işler ýaşlaryň bilim almaklary, hünär öwrenmekleri, sport, döredijilik bilen meşgullanmaklary üçin berk binýadyň döredilendigini aýdyň görkezýär.
Belent mertebeli Prezidentimiz! Häzirki wagtda üstünlikli hereket edýän «Türkmenistanda on iki ýyllyk umumy orta bilime geçmegiň Konsepsiýasy», «Türkmenistanda umumybilim maksatnamalary boýunça okatmagyň usulyýetini kämilleşdirmegiň 2028-nji ýyla çenli Konsepsiýasy», «Türkmenistanda ýokary hünär bilimini ösdürmegiň 2026 — 2052-nji ýyllar üçin Strategiýasy» we beýleki möhüm maksatnamalar döwletimiziň bilim ulgamyny döwrebaplaşdyrmaga oýlanyşykly esasda, ylmy taýdan çemeleşilýändigini subut edýär.
Siziň öňdengörüjilikli tagallalaryňyz esasynda geljekde bilim işine okatmagyň öňdebaryjy usullarynyň, sanly ulgamyň, emeli aň tehnologiýalarynyň ornaşdyrylmagy täzeçe pikirlenip, oňyn teklipler bilen çykyş edýän, dörediji, gurujy, oýlap tapyjy ýaşlaryň täze neslini kemala getirmäge gönükdirilen işleri has-da rowaçlandyrar» diýlip, türkmen halkynyň Milli Lideriniň Gutlagynda nygtalýar.
Gahryman Arkadag Gutlag hatynyň ahyrynda Türkmenistanyň Prezidentini Bilimler we talyp ýaşlar güni mynasybetli ýene-de bir gezek tüýs ýürekden gutlap, berk jan saglyk, uzak ömür, Garaşsyz, baky Bitarap döwletiň bilim binýadyny berkitmek ugrunda alyp barýan asylly işlerinde mundan beýläk-de rowaçlyklary arzuw etdi.
Heniz teswir ýok. Birinji boluň!