| Ashgabat | 31°C
Syýasat 02.09.2026, 15:10 5

Fransiýa Türkmenistanda täze ilçi belledi

Fransiýa Türkmenistanda täze ilçi belledi

Fransiýanyň Prezidenti Emmanuel Makron ýurduň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi wezipesine Daşary işler boýunça baş sekretar Alýona Grany bellemek baradaky Permana gol çekdi.

Täze ilçi Alýona Granyň diplomatiýa ulgamynda 25 ýyldan gowrak iş tejribesi bar. Ol zähmet ýoluna 2001-nji ýylda Minskidäki ilçihanada metbugat attaşesi we terjimeçi hökmünde başlap, soňra Namibiýada, Rumyniýada hem-de Pariždäki ministrlikde dürli jogapkärli wezipelerde zähmet çekdi.

Paýlaşmak:
Teswirler (0)

Heniz teswir ýok. Birinji boluň!