| Ashgabat | 24°C
Tehnologiýalar 29.09.2026, 20:31 1

Fernando Alonso taryhda iň gymmat Bugatti Veyron-nyň eýesi boldy

Fernando Alonso taryhda iň gymmat Bugatti Veyron-nyň eýesi boldy

Formula-1 ýaryşynyň iki gezek çempiony Fernando Alonso öz awtoulaglar toplumynyň üstüni ýeke-täk nusgada öndürilen aýratyn Bugatti Veyron Grand Sport Vitesse bilen ýetirdi.

Bu awtoulag brendiň taryhyndaky iň gymmat Veyron hökmünde tanalýar. Alonso bu ulagda Monakoda sürüp barýarka göze ilipdir.

Gürrüñ 2015-nji ýylda ýörite sargyt boýunça diňe ýekeje nusgada öndürilen, 8100 belgili şassisi bolan awtoulag barada barýar. Onuň ilkinji eýesi bu modeli Bugatti Veyron 16.4 Pur Sang nusgasyndan ylhamlanyp sargyt edipdir.

Sargytçy ähli gabara panelleriniň, şol sanda bamperleriniň hem köpçülikleýin öndürilýän nusgadaky ýaly plastmassadan däl-de, alýuminden ýasalmagyny isläpdir.

Bugatti ilkibaşda çykdajysynyň ýokarydygy sebäpli bu taslamadan ýüz öwürse-de, ahyrynda ony kabul edipdir.

Paýlaşmak:
Teswirler (0)

Heniz teswir ýok. Birinji boluň!