Dünýäde ýeke-täk W10 hereketlendirijili BMW M5 auksiona çykarylar
Seýrek duş gelýän W10 hereketlendirijili synag nusgadaky BMW M5 E39 sedany oktýabr aýynda Broad Arrow auksion öýünde satuwa çykarylar.
Bu üýtgeşik awtoulagyň bahasynyň 250–350 müň ýewro aralygynda bolmagyna garaşylýar.
Awtoulag 1999-njy ýylda Volkswagen konserniniň şol wagtky ýolbaşçysy Ferdinand Piýehiň şahsy başlangyjy bilen döredilipdir. Ol inženerlere geljekde öndüriljek sport sedany üçin on silindrli hereketlendirijini taýýarlamagy tabşyrýar.
Täze hereketlendirijini synagdan geçirmek üçin bolsa şol döwürde köpçülikleýin öndürilen BMW M5 saýlanyp alynýar. Awtoulagyň adaty V8 hereketlendirijisi aýrylyp, onuň ýerine göwrümi 5,0 litrlik atmosferaly W10 oturdylypdyr.
Paýlaşmak:
Heniz teswir ýok. Birinji boluň!