Gidrometeorologlar üçin okuw seminary geçirildi
Ýewropada howpsuzlyk we hyzmatdaşlyk guramasy (ÝHHG) Türkmenistanyň Gidrometeorologiýa gullugynyň wekiliniň gatnaşmagynda irki duýduryş ulgamlarynda häzirki zaman maglumat tehnologiýalaryny ulanmak boýunça okuw seminaryny geçirdi.
Seminara gatnaşyjylar tebigy betbagtçylyklara garşy çäre görmek boýunça Şweýsariýanyň ýolbaşçylyk komitetiniň (LAINAT) işi, şeýle hem dürli tebigy betbagtçylyklar barada Şweýsariýanyň irki duýduryş ulgamy bilen tanyşdylar. Şeýle hem, täsirleriň seljermesine esaslanýan çaklama usuly (IBF) we IBF-iň awtomatlaşdyrylan guraly bilen tanyşdylar.
Ara alyp maslahatlaşmalaryň merkezinde çäge we tozan hadysalaryna gözegçilik etmek arkaly töwekgelçiligiň ýokary bolan zolaklaryny kesgitlemek, gurakçylygy çaklamak hem-de aşa ýokary temperaturalar bilen bagly howa çaklamalaryny taýýarlamak meseleleri boldy.
Heniz teswir ýok. Birinji boluň!