Braziliýaly alymlar Ýere meňzeş planetalary tapdylar
Braziliýaly gözlegçi Fabiu Kalabriýa Ewanželista da Silwa kosmosdaky 6 müň obýekt barada maglumatlary seljerip, suwuň suwuk görnüşde bolmagy we ýaşaýşyň ýüze çykmagy mümkin bolan sekiz sany ekzoplanetany tapdy.
Ýere iň meňzeş planeta hökmünde 2022-nji ýylda açylan GJ 1002b görkezilýär. Onuň Ýer bilen meňzeşligi 98 göterim diýlip hasaplanýar.
Bu planeta bizden 16 ýagtylyk ýyly uzaklykda ýerleşýär we gyzyl göýdük ýyldyzynyň daşyndan 10 günde bir gezek aýlanýar.
Uzakdaky ekzoplanetalary häzirlikçe göni öwrenmek mümkin däl. Şonuň üçin alymlar teleskoplaryň kömegi bilen olaryň atmosferasyny seljerýär.
Astrofizikler biosignaturalary, ýagny janly organizmleriň işjeňliginden galýan himiki yzlary gözleýär.
Paýlaşmak:
Heniz teswir ýok. Birinji boluň!