| Ashgabat | 24°C
Dünýaden 29.09.2026, 20:29 1

Arheologlar Parižiň düýbüniň tutulan ýerini tapdylar

Arheologlar Parižiň düýbüniň tutulan ýerini tapdylar

Fransuz arheologlary Parižiň Bibi Merýem ybadathanasynyň golaýyndaky Site adasynda haýran galdyryjy açyş etdiler.

Olar Hôtel-Dieu hassahanasynyň astynda dört metr çuňlukda daşdan we agaçdan ýasalan gadymy diwaryň 20 metr uzynlykdaky bölegini tapdylar.

Alymlar bu ýeriň Parižiň taryhy merkezi bolandygyny we şäheriň düýbüniň hut şu ýerde tutulandygyny yglan etdiler.

Bu açyş şähere «Pariž» diýip at beren pariziler taýpasynyň ýaşan ýeri bolan, Rim döwründen öňki Lutesiýa ilatly nokadynyň hakykatdan-da bolandygynyň ilkinji maddy subutnamasy hasaplanýar.

Paýlaşmak:
Teswirler (0)

Heniz teswir ýok. Birinji boluň!