| Ashgabat | 29°C
Tehnologiýalar 10.09.2026, 15:06 3

Apple kompaniýasy iPhone 18 Pro we iPhone 18 Pro Max flagman smartfonlaryny hödürledi

Apple kompaniýasy iPhone 18 Pro we iPhone 18 Pro Max flagman smartfonlaryny hödürledi

Apple kompaniýasy iPhone 18 Pro we iPhone 18 Pro Max flagman smartfonlaryny hödürledi. Olar täze A20 Pro çibi, täzelenen kameralary we has ykjam Dynamic Island bilen tapawutlanýar. Daşky görnüşi boýunça smartfonlar öňki dizaýnyny saklap galdy, ýöne Dynamic Island biraz kiçeldildi. Face ID ulgamynyň käbir bölekleri indi ekranyň astynda ýerleşdirildi, şonuň netijesinde displeýiň ýokarky zolagy az orun tutýar.

Öndürijilik üçin A20 Pro çibi jogap berýär. Apple kuwwatlylygyň we energiýa netijeliliginiň ep-esli artandygyny, täze sowadyş ulgamynyň bolsa ýokary öndürijiligi has uzak wagtlap saklamaga ýardam berýändigini nygtady.

Täze görnüşiñ esasy häsiýetnamalary şulardan ybarat:

Displeý: iPhone 18 Pro — 6,3 dýuýmlyk, Pro Max — 6,9 dýuýmlyk;
Ekran: 120 Gs çenli ProMotion tehnologiýaly OLED Super Retina XDR;
Prosessory: 2-nm tehnologik prosesde ýasalan A20 Pro çibi;
Kameralary: üç sany 48 MP;
Esasy kamera: üýtgeýän diafragmaly;
Modemi: Apple C2;
Wi-Fi 7, Bluetooth 6 we Thread goldawy bar;
Operasion ulgamy: Apple Intelligence we Siri AI bilen iOS 27;
Ýat göwrümi: 256 GB-den 2 TB çenli.

iPhone 18 Pro we Pro Max dört reňkde çykarylýar: gara, kümüşsöw, buz we täze goýy melewşe.

iPhone 18 Pro modeliniň bahasy 1199 dollardan, iPhone 18 Pro Max bolsa 1299 dollardan başlanýandygy aýdylýar. Öňünden sargytlar 12-nji sentýabrda, resmi satuwlar bolsa 18-nji sentýabrda başlar.

Paýlaşmak:
Teswirler (0)

Heniz teswir ýok. Birinji boluň!