AirPods 5 indi terjime funksiýasyny ýerine ýetirýär
Apple kompaniýasy özüniň meşhur aksessuarlarynyň täze nesillerini — AirPods 5 simsiz gulaklygyny, şeýle hem Apple Watch Series 12 we Watch Ultra 4 akylly sagatlaryny tanyşdyrdy. Olaryň ählisi 18-nji sentýabrda satuwa çykar. Olaryñ biri hem AirPods 5 simsiz gulaklygydyr.
Gulaklyk ýene iki wersiýada hödürlenýär. Täze nesil öňki tanalýan dizaýnyny saklap galdy, ýöne AirPods Pro ýaly düýpli kämilleşdirildi. Esasy täzelik — modeliň iki görnüşi hem aktiw ses basyş (ANC) ulgamy bilen üpjün edildi. Gulaklyklar Apple Intelligence bilen bökdençsiz baglanyp, Live Translations janly terjime funksiýasyny goldaýar.
Akylly sagatlaryň iki modeliniň hem esasy täzelenmesi S11 prosessorynyň binýadyndaky täze Health Sensing System datçikler ulgamy boldy. Sagat her 5 sekuntdan ýürek urşuny ölçeýär, ýürek ritminiň üýtgemegine (HRV) ýygy-ýygydan gözegçilik bolsa stressi we organizmiň dikelmegini has takyk yzarlamaga mümkinçilik berýär.
Ýene bir täzelik – organizmiň taýýarlyk görkezijisi. Sagatlar adamyň soňky işjeňligini, türgenleşigini, saglyk görkezijilerini we ukusynyň hilini seljerip, 0-dan 10-a çenli baha berýär. Soňra ulanyja degişli maslahaty hödürleýär.
Heniz teswir ýok. Birinji boluň!