| Ashgabat | 35°C
Bildiriş 26.08.2026, 13:16 5

Türkmenabat şäheriniň ýaşaýjylary işe çagyrylýar

Türkmenabat şäheriniň ýaşaýjylary işe çagyrylýar

Lebap welaýatynyň Türkmenabat şäheriniň zähmet we ilatyň iş bilen üpjünçiligi bölümi şu ýylyň 1-nji sentýabrynda boş iş orunlarynyň hödürleniş çäresini geçirýändigini habar berýär.

Çäre Türkmenabat şäheriniň Magtymguly köçesiniň 2-nji jaýynda ýerleşýän Türkmenabat şäheriniň zähmet we ilatyň iş bilen üpjünçiligi bölüminiň edara binasynda sagat 10:00-dan–12:00 aralygynda geçiriler.

Kärhanalar, guramalar, edaralar hem-de hususy telekeçiler özlerindäki boş iş orunlary baradaky maglumatlary bilen bilelikde agzalan çärä wekilleriniň gatnaşmaklaryny üpjün etmeli, işe ýerleşmek isleýän raýatlar bolsa, şahsyýetini tassyklaýan resminamasy, eger bar bolsa, zähmet depderçesi hem-de hünärini tassyklaýan resminamasy bilen agzalan çärä gatnaşmaly bolarlar.

Goşmaça maglumat üçin aşakdaky telefon belgisine jaň edip bilersiňiz!

(800422) 3-17-28

Paýlaşmak:
Teswirler (0)

Heniz teswir ýok. Birinji boluň!