| Ashgabat | 36°C
Bildiriş 27.08.2026, 13:54 1

Garagum etrabynyň ýaşaýjylary işe çagyrylýar

Garagum etrabynyň ýaşaýjylary işe çagyrylýar

Garagum etrabynyň zähmet we ilatyň iş bilen üpjünçiligi bölümi şu ýylyň 2-nji sentýabrynda boş iş orunlarynyň ilata hödürleniş çäresini geçirýär.

Çäre Garagum etrap Bilim bölüminiň 23-nji orta mekdebiniň edara binasynda sagat 09:00-dan 11:00-a çenli geçiriler.

Kärhanalar, guramalar, edaralar hem-de hususy telekeçiler özlerindäki boş iş orunlary baradaky maglumatlary bilen bilelikde agzalan çärä wekilleriniň gatnaşmaklaryny üpjün etmeli. Işe ýerleşmek isleýän raýatlar bolsa, şahsyýetini tassyklaýan resminamasy, eger bar bolsa, zähmet depderçesi hem-de hünärini tassyklaýan resminamasy bilen agzalan çärä gatnaşmaly bolarlar.

Goşmaça maglumatlar üçin aşakdaky telefon belgilerine jaň edip bilersiňiz:

800 557 4-02-36
800 557 4-02-37

Paýlaşmak:
Teswirler (0)

Heniz teswir ýok. Birinji boluň!