Baýramaly şäheriniň ýaşaýjylary işe çagyrylýar
Baýramaly şäheriniň zähmet we ilatyň iş bilen üpjünçiligi bölümi 1-nji sentýabrda boş iş orunlarynyň hödürleniş çäresini geçirýär.
Çäre Baýramaly şäheriniň Soltan Sanjar köçesiniň 21-nji jaýynda ýerleşýän Baýramaly şäher Medeniýet bölüminde sagat 09:00-dan 12:00-a çenli geçiriler.
Kärhanalar, guramalar, edaralar hem-de hususy telekeçiler, özlerindäki boş iş orunlary baradaky maglumatlary bilen bilelikde agzalan çärä wekilleriniň gatnaşmaklaryny üpjün etmeli, işe ýerleşmek isleýän raýatlaryň bolsa, şahsyýetini tassyklaýan resminamasy, eger bar bolsa, zähmet depderçesi hem-de hünärini tassyklaýan resminamasy bilen agzalan çärä gatnaşmaly bolarlar.
Goşmaça maglumatlar üçin aşakdaky telefon belgilerine jaň edip bilersiňiz.
800 564 6-93-45
Paýlaşmak:
Heniz teswir ýok. Birinji boluň!